Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bir kelle, dört penje we hökman guýrugy bolsun!”: Aşgabatda türkmen alabaýynyň täze heýkeli dikiler


Altyn Asyr telekanyldan alnan surat. Aşgabatda türkmen alabaýynyň täze heýkeli dikiler.
Altyn Asyr telekanyldan alnan surat. Aşgabatda türkmen alabaýynyň täze heýkeli dikiler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda alabaý itiniň täze heýkelini dikmegi tabşyrdy. 6-njy noýabrda türkmen lideri paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Prezidentiň iş saparyna Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew, Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň wekili hem-de beýleki resmiler gatnaşdy.

Saparyň dowamynda döwlet baştutanyna şäherde gurulýan binalar toplumlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Gurluşygy meýilleşdirilýän taslamalaryň hatarynda türkmen alabaýynyň Aşgabatda dikiljek täze heýkeli hem bar.

6-njy noýabrda döwlet telewideniýesinde efire berlen habarlar gepleşigindäki wideo reportažda eli taýakly Berdimuhamedow gurluşyk taslamalarynyň çyzgylarynyň öňünde durup, beýleki resmilere bir zatlary düşündirýär. Ol wideoda elindäki taýagy alabaýyň heýkeliniň suratyna uzadýar. Wideo reportažda prezidentiň aýdýan sözleri eşitidirilmeýär. Ýöne russiýaly bir žurnalist, “Komsomolskaya prawda” gazetiniň ýörite habarçysy Dmitriý Smirnow türkmen lideriniň itiň heýkeliniň suratynyň öňündäki wideosyny teswirledi:

“Kellesi, dört sany penjesi we hökman guýrugy bolsun! Ýazyň, ýazyň!” diýip, Kreml howzunyň žurnalisti özüniň Twitter hasabynda ýazdy we prezidentiň iş saparynyň döwlet telewideniýesinde görkezilen wideosyndan bir bölek paýlaşdy. Wideoda eli taýakly prezident hem-de onuň öňünde depderçelerine bellik alýan resmiler görkezilýär. Rus žurnalisti Aşgabatda täze bina ediljek it heýkeliniň 15 metr beýiklikde boljakdygyny aýdýar. Ýöne resmi türkmen metbugatynda onuň beýikligi barada takyk maglumat berilmeýär. Döwlet telewideniýesindäki wideo reportažda prezidente hödürlenen taslamanyň suratynda heýkeliň 9 we 6 metr ýazylan 15 metrlik görnüşini görmek bolýar.

Maglumat üçin aýdylsa, geçen aý resmi Aşgabadyň agzalýan žurnalisti Türkmenistana goýbermändigi barada rus metbugatynda dürli habarlar peýda bolupdy.

Türkmenistanda alabaý itlerine milli gymmatlyk hökmünde garalýar. Döwlet baştutany alabaý itlerine bagyşlap özüniň ýazandygy aýdylýan kitabyny sentýabrda okyjylaryna hödürledi. Ol 13-nji sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde alabaýa bagyşlap ýazan goşgusyny mejlise gatnaşyjylara okap berdi

Resmi media Aşgabatda dikiljek täze it heýkelinde türkmen itlerine mahsus bolan ähli häsiýetleriň öz beýanynyň tapdyryljakdygyny aýdýar. Onuň 2020-nji ýylyň dowamynda ulanylmaga beriljekdigi aýdylýar.

Mundan ozal, türkmen hökümeti 2017-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Wepaly” atly beýleki bir türkmen alabaýyna heýkel açdy. Şanyna heýkel dikiljek täze alabaýyň ady aýdylmaýar. Şol bir wagtyň özünde ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda regionlarda ilatyň gündelik zerur iýmit önümleriniň gytçylygyny we gymmatçylygyny başdan geçirýän wagty dikilýän it heýkeliniň gurluşygyna býujetden goýberiljek maliýe serişdeleriň möçberi agzalmaýar.

Prezident Berdimuhamedow türkmen alabaýlary we ahalteke bedewleri bilen köpçüligiň öňüne ýygy-ýygydan çykyp durýar. Ol 2017-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa eden saparynda rus prezidenti Wladimir Putine alabaý güjügini sowgat berdi. Onuň Putiniň öňünde durup, alabaý güjüginiň ýeňsesinden göteren suraty halkara media serişdelerinde giňden paýlaşylypdy.

Berdimuhamedow türkmen güjügini ýeňsesinden tutup, Putine sowgat berýär
Berdimuhamedow türkmen güjügini ýeňsesinden tutup, Putine sowgat berýär

18-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy. Onuň öňünde başga bir alabaý itiniň heýkeli oturdyldy.

Paýtagt Aşgabatda alabaý itlerinden daşgary welosipediň hem heýkeliniň oturdyljakdygy döwlet baştutany derejesinde agzalyp gelinýär.

Türkmen hökümeti Aşgabatda alabaý itine dikilýän heýkelleriň sanyny artdyrýan wagty, ýerli haýwanlary goraýjylar türkmen paýtagtynda häkimiýetleriň ykmanda itlere we pişiklere garşy ýowuz çäre görýändiklerini aýdyp yzygiderli zeýrenýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG