2019-njy ýylda Hytaýyň hökümeti azyndan 48 žurnalisti türmä basdy, bu islendik beýleki ýurtdakydan has köpdür diýlip, 11-nji dekabrda ýaýradylan hasabatda aýdylýar.
Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) ýyllyk hasabatynda şu ýyl dünýäde azyndan 250 žurnalistiň türmä basylandygy habar berilýär. Bu görkeziji geçen ýyl 255-e deňdi.
Hasabatda ikinji orunda Türkiýe ýerleşdirilip, bu ýurtda 2019-njy ýylda 47 žurnalistiň türmä basylandygy bellenilýär. Geçen ýyl Türkiýede 68 žurnalistiň türmä basylandygy habar berilipdi.
Hasabata görä, şu ýyl Russiýada ýedi žurnalist türmä basyldy. Olaryň dördüsi basylyp alnan Krym regionynda amal eden žurnalistika işi üçin tussaglykda saklanýar.