Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystandaky esasy bazasyna edilen hüjümlerde bir adam öldi we başga-da 65 sanysy ýaralandy


Esgerler hüjümde zeper ýeten metjidiň ýanynda patrullyk edýärler. 11-nji dekabr, 2019 ý.
Esgerler hüjümde zeper ýeten metjidiň ýanynda patrullyk edýärler. 11-nji dekabr, 2019 ý.

11-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esasy bazasyna edilen iki ulagly bomba hüjüminde azyndan bir adam öldi we başga-da 65-den gowragy ýaralandy diýip, ýerli we NATO resmileri aýtdylar.

Janyndan geçen hüjümçileriň Bagram bazasyna amala aşyran ekiz taýy hüjümleri Birleşen Ştatlaryň “Talyban” bilen gepleşiklere täzeden başlamagyndan bir hepde soňa gabat geldi. Mundan üç aý ozal ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 18 ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek ugrundaky gepleşikleri duýdansyz togtadypdy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. Welaýat resmisi wakada ölenleriň we ýaralananlaryň ählisiniň owganlardygyny aýtdy.

“Baza girmek isleýän ýaly bolup görünen hüjümçiler bilen daşary ýurt güýçleriniň arasynda 30 minut dowam eden çaknyşyk hem boldy” diýip, Parwan welaýat häkimliginiň metbugat wekili Wahida Şahkar aýtdy.

NATO-nyň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasy hüjümlerde ABŞ ýa-da koalisiýa güýçlerinden hiç kimiň ejir çekmändigini aýdyp, wakanyň bolan wagty aerodromyň howpsuz ýagdaýda saklanandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG