Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 20 müňüsi kanunlaşdyrylar


Kanun 11-nji dekabrda täjik parlamenti tarapyndan tassyklandy. (arhiw suraty)

Täjigistanda kanunçykaryjylar ýurtda ýaşaýan ozalky sowet respublikalarynyň raýatlygy bolmadyk adamlaryny köpçülikleýin ýagdaýda kanunlaşdyrmak baradaky kanuny tassykladylar.

11-nji dekabrda tassyklanan kanuna laýyklykda, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan soňra Täjigistanda ýaşamaga galan, raýatlygy bolmadyk 20 müň töweregi adamyň ýagdaýy kanunlaşdyrylar.

Kanunçykaryjy Bakhtowar Safarzodanyň parlament mejlisinde aýtmagyna görä, bu kanun diňe ozalky sowet respublikalarynyň raýatlaryna degişli bolup, ol beýleki ýerlerden gelen bikanun raýatlary öz içine almaýar.

Içeri işler ministriň orunbasary Ikrom Umarzoda 20 müň bikanun raýatyň 65%-ni aýallaryň düzýändigini aýtdy.

Umarzoda bu kanunyň jenaýata çekilenlere we gadagan edilen toparlaryň agzalaryna degişli däldigini hem sözüne goşdy.

Kanuna prezident Emomali Rahmon gol goýandan soňra, ol güýje girer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG