Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senatyň paneli Türkiýä garşy sanksiýalary girizmek taslamasyny tassyklady


ABŞ Kapitoliý. Waşington
ABŞ Kapitoliý. Waşington

ABŞ-da Senatyň komiteti Türkiýä garşy sanksiýalary girizmek taslamasyny goldaýan kanuny tassyklady, emma Russiýa gadagançylyklary girizmek taslamasyna ses bermekden saklandy.

Şeýle-de, ol Merkezi we Gündogar Ýewropada, sebitiň Moskwa bolan garaşlylygyny kemeltmek maksady bilen, energiýa proýektleriniň maliýeleşdirilmegine hemaýat berjek kanuny tassyklady.

Mundanam başga, ol döwlet sekretarynyň Russiýa terrorizmiň döwlet hemaýatkäri diýen tagmanyň dakylyp-dakylmazlygyny kesgitlemegini göz öňünde tutýan kanuny hem tassyklady.

Ses berilişikden bir gün öň, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Waşingtonda prezident Donald Tramp we döwlet sekretary Mike Pompeo bilen duşuşypdy.

Pompeo Lawrow bilen gepleşiklerden soň, Moskwa bilen ykdysady gatnaşyklarda ýakynda “möhüm özgerişlikleriň” yglan ediljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG