Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanaly Zelenskiýiň oýnan serialyny efirinden aýyrdy


Şol wagt prezidentlige dalaşgär bolan Wolodymyr Zelenskiý "Halkyň gullukçysy" serialynda surata düşýär. Kiýew. 6-njy mart, 2019 ý.

Russiýanyň TNT telekanaly Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň oýnan “Halkyň gullukçysy” atly ukrain tele-serialyny efirinden aýyrdy.

Bu serialda Zelenskiý garaşylmadyk ýagdaýda prezident saýlanan taryh mugallymynyň keşbini ýerine ýetiripdi.

Serialyň birinji üç bölümi çarşenbe güni görkezildi. Mundan soňra, TNT-iň gepleşiklerinde üýtgeşmeler boldy. Planlaşdyrylan “Halkyň gullukçysy” serialynyň dowamyna derek, başga gepleşikler ýerleşdirildi.

TNT-niň wekiliniň “Wedomosti” neşirine aýtmagyna görä, kanal turuwbaşdan serialyň diňe üç bölümini görkezmegi meýilleşdiripdir. Ol serialyň her gün efirde görkeziljekdigi baradaky mahabatyň bolsa, “marketing göçümi” bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG