Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň haly dokamak sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna goşuldy


IIlýustrasiýa suraty
IIlýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň milli haly dokamak sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Bu baradaky karara 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň Bogote şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisiniň dowamynda gelindi.

Mundan öň, şu aýyň başynda Türkmenistan bu baradaky degişli teklip bilen ýüz tutupdy.

2017-nji ýylda “küştdepdi” hem ÝUNESKO-nyň milli sungatynyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilipdi.

XS
SM
MD
LG