Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Owganystandaky ABŞ esgerleriniň sanyny “kemeltmegi mümkin”


ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleri (arhiw suraty)

ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň sanyny kemeltmegi ähtimal diýip, CNN habar berýär.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kabel-telewideniýe torunyň, ýokary derejeli bir resminiň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, golaýda prezident Donald Trampyň administrasiýasy Owganystandan 4 müň töweregi esgeriň çykarylýandygyny yglan etmegi mümkin.

ABŞ-nyň häzir Owganystanda 12 müň – 13 müň aralygynda harbysy gulluk geçýär.

Awgustda Tramp ABŞ-nyň Owganystandaky harbylaryny 8 müň 400-e çenli kemeltmegi göz öňünde tutýandygyny aýdypdy.

Bu 13-nji dekabrda Trampyň administrasiýasynyň ýakynda Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny yglan etjekdigi baradaky beýanatynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG