Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran kiber-hüjüminiň öňüni alandygyny aýdýar


Eýranyň Fordowdaky uran baýlaşdyryjy desgasy
Eýranyň Fordowdaky uran baýlaşdyryjy desgasy

Eýranyň ýokary derejeli hökümet resmisi bir hepdäniň içinde Tähranyň ýurda garşy edilen ikinji kiber-hüjüminiň öňüni alandygyny aýtdy.

Eýranyň telekomunikasiýa ministri Mohammad Jawad Azari Jahromi güman edilýän hüjümiň “anyklanandygyny we kiber howpsuzlyk galkany tarapyndan zyýansyzlandyrlandygyny” aýdyp, 15-nji dekabrda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Jahromi kiber hüjümiň “hökümet aňtaw gulluklarynyň işine içalyçylyk etmek üçin” geçirilendigini öňe sürdi. Ol “içaly serwerleriniň we hakerleriň hem anyklanandygyny” aýtdy. Emma goşmaça, aýdyňlaşdyryjy maglumat bermedi.

11-nji dekabrda Jahromi Eýranyň elektronik infrastrukturasyna garşy edilen “köpçülikleýin” kiber hüjüminiň anyklanandygyny aýtdy. Ol şonda jikme-jik maglumatlary bermekden saklandy.

Iýunda Waşington ABŞ-nyň harbylarynyň, Pars Aýlagynyň üstündäki halkara howa menzilinde Birleşen Ştatlaryň dronunyň urulmagyna jogap edip, Eýranyň harbylarynyň kompýuter ulgamyna garşy kiber hüjümleri geçirendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG