Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AI: Eýran protestlerden soňky ‘ýowuz’ repressiýada müňlerçe adamy tussag etdi


Noýabryň ortalarynda Eýranyň hökümeti benziniň bahasynyň ýokarlandyrylýandygyny yglan edensoň, ýurduň dürli künjeginde protestler geçirildi. 17-nji noýabr, 2019 ý.

Amnesty International guramasy geçen aý Eýranda geçirilen ählihalk protestleriň yzýany, ýurduň häkimiýetleriniň “ýowuz repressiw kampaniýany” dowam etdirýändigini aýdýar. Eýrandaky protestlerde azyndan 304 adam ölüpdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň 16-njy dekabrda çap eden beýanatyna görä, häkimiýetler “olaryň [protestçileriň] Eýranyň ynsapsyz repressiýasy barada gürlemegini togtatmak üçin” protestçileriň, žurnalistleriň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleriň we studentleriň müňlerçesini tussag etmek arkaly “ýowuz repressiýany” amala aşyrýar.

“Waka şaýat bolanlaryň gorkunç şaýatnamalarynda aýdylmagyna görä, Eýranyň häkimiýetleri ählihalk protestlerine gatnaşan ýüzlerçe adamy öldürenden soňra, giň gerimli repressiýany guramalaşdyryp başladylar” diýip, guramanyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça derňew direktory Filip Lýuter (Philip Luther) aýtdy.

Noýabryň ortalarynda Eýranyň hökümeti benziniň bahasynyň ýokarlandyrylýandygyny yglan edensoň, ýurduň dürli künjeginde protestler geçirildi.

Amnesty International guramasy “garaşsyz çeşmelere” salgylanyp, Eýranyň “howpsuzlyk güýçleriniň adamlary öýlerinde we iş ýerlerinde tussag etmek üçin ýurduň dürli künjeginde heniz hem reýdleri geçirýändigini” habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG