Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Netflixde' goýberilen '6 Ýerasty' filmindäki Türgistan ýurdy, köplere görä, Türkmenistany ýada salýar


Kinofilm synçylary "Netflixde" goýberilen "6 Ýerasty" filmindäki Türgistan diýen hyýaly ýurduň Türkmenistana çalym edýändigini aýdýarlar.
Kinofilm synçylary "Netflixde" goýberilen "6 Ýerasty" filmindäki Türgistan diýen hyýaly ýurduň Türkmenistana çalym edýändigini aýdýarlar.

13-nji dekabr, anna güni “Transformers” filminiň baş režissýory Maýkl Beýiň (Michael Bay) režissýorlygynda “6 Underground” (“6 Ýerasty”) atly täze çeper film Birleşen Ştatlaryň Netflix saýtynda tomaşaçylara ýetirildi. Çeper filmiň esasy sýužet-komposiziýasy Türgistan diýlen hyýaly ýurtda döwlet baştutanynyň tagtdan agdarylyşyny gürrüň berýär. Kinofilm synçylary filmde Türgistany suratlandyrmak üçin ulanylan döwlet simwollarynyň, adam atlarynyň we kompozisiýanyň beýleki möhüm elementleriniň Türkmenistany ýada salýandygyny aýdýarlar.

Filmiň ssenariýasynyň awtorlary Paul Wernik (Paul Wernick) bilen Ret Riizdir (Rhett Reese). Baş rollarda Raýan Reýnolds (Ryan Reynolds) we Melani Laurent (Mélanie Laurent) ýaly meşhur kino ýyldyzlary oýnaýar.

Çeper filmlerdäki ýerler barada maglumat berýän atlaswonders.com saýty “6 Ýerasty” kinofilmindäki Türgistan diýen ýurduň çeper beýanynyň Türkmenistandan ylham alnyp döredilendigini aýdýar. Saýtyň maglumatyna görä, bu film Wengriýada, Italiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde we Birleşen Ştatlarda surata düşürilipdir.

Kinoda nämeler bolýar?

Türgistan ilindäki režim diýdimzorlygyna şaýat bolan amerikaly bir anonim milliarder hökümetiň penasyndaky jenaýatçylary ýok etmek üçin alty adamdan ybarat gizlin topar döredýär. “Ruhlar” atlandyrylýan ýaşyryn topardaky “Bir” milliarderiň özüniň, “Iki” – içalynyň, “Üç” – hakyna tutma ganhoryň, “Dört” – ogrynyň, “Bäş” – lukmanyň, “Alty” – sürüjiniň keşbini janlandyrýar. Topara “7-lik” belgili mergen soňundan goşulýar.

“6 Ýerasty-daky” “Ruhlar” özleriniň Italiýada amala aşyran ilkinji missiýasynda türgistanly dört generalyň adwokatyny öldürýär. Soňra topar Türgistanyň Rowak Alimow atly diýdimzor döwlet baştutanyny tagtdan agdaryp, onuň ornuna Rowak Alimowyň inisi Murat Alimow atly öňki tussaga hökümet başyna geçmäge ýardam berýär. Bellemeli ýeri, hyýaly ýurtdaky prezidentiň ady Rowaç diýlip ýazylýar, Rowak diýlip okalýar. Rowaç türkmen adam ady bolup, ýatlasak 2019-njy ýylda Türkmenistanyň media serişdelerinde giňden wasp edilen meşhur taýçanak hem “Rowaç” adyny göterýär.

Çeper filmdäki hyýaly Türgistanda türkmen dilinde gepleşilýär. Hyýaly ýurduň pul birligi manatdyr. Şeýle-de, kinofilmde Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna juda meňzeş döwlet nyşanlary görkezilýär.

Çeper film synçylary "6 Ýerasty" filmindäki hyýaly Türgistan ýurduny suratlandyrmak üçin Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna juda meňzeş simwollardan peýdalanylandygyny aýdýarlar
Çeper film synçylary "6 Ýerasty" filmindäki hyýaly Türgistan ýurduny suratlandyrmak üçin Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna juda meňzeş simwollardan peýdalanylandygyny aýdýarlar


Meselem, kinonyň dowamynda Türgistanyň prezidentiniň wagtal-wagtal türkmen dilinde gepleýşini eşitmek bolýar, filmiň bir ýerinde ol türkmen dilinde “Size indi hiç kim degip bilmeýär!” diýýär.

Rowak inisi Murady tussag etdirýär. Çeper filmiň 44-nji minutlaryda Murat Günbatar Özbegistan diýilýän ýerde atyşykdan halas bolýar. “Ruhlar” Murady tussaglykdan halas edip, oňa hökümetiň başyna geçmäge ýardam berýär.

Kinofilmiň dowamynda Türkmenistanda ulanylan döwlet nyşanlary türkmençe ýazgy bilen görkezilýär. Meselem, 1 sagat 38-nji minudynda türkmen dilinde “Uzak ýaşa Rowaç Alimow” diýen ýazgy bilen 8 burçlukdaky bürgüt kelleli döwlet nyşany görkezilýär. Türgistan ýurdunyň polisiýa işgärleriniň geýýän formasynyň arkasynda türkmençe “ý” harp bilen “polisiýa” diýlip ýazylan.

Kinonyň baş gahrymanlaryndan “Bir” belgili amerikaly anonim milliarder bilen Türgistanyň prezidenti Alimow Parižde bir operada duşuşýar.

Rowak Alimow döwlet telewideniýesinde çykyş etjekde “Ruhlar” efire gözegçiligi uzakdan ele geçirip, Alimowyň deregine Muradyň halka ýüzlenmesini efire berýärler, soňra Türgistanda gozgalaň turýar.

Munuň yzýany, Alimowyň ýahtasyna hüjüm edilýär, ol gaýyk bilen batyp barýan gämiden uzaklaşyp, gaçmaga synanyşanda Murat we “Ruhlar” topary Alimowy dikuçara alýarlar, hem-de ony bosgunlar lagerinde ýaşaýan Türgistan halkynyň arasyna taşlaýar.

Elbetde, çeper filmde Türkmenistany ýada salýan elementlerden Türkmenistana dahylsyz elementler hem agdyklyk edýär. Kinodaky uruş, gandöküşik, bosgunlyk, bosgunlar lageri ýaly sahnalar, synçylara görä, Türkmenistan bilen ilteşikli hasaplanmaýar.

Çeper film synçylary "6 Ýerasty" kinofilmindäki Türgistan ýurdunyň Türkmenistana çalym edýändigini aýdýarlar
Çeper film synçylary "6 Ýerasty" kinofilmindäki Türgistan ýurdunyň Türkmenistana çalym edýändigini aýdýarlar

Galyberse-de, bu bir çeper film bolup, görnüşinden, onuň Türkmenistanyň syýasy durmuşy bilen ilteşigi ýok.

Azatlyk Radiosy bu kinofilm boýunça filmiň döredijilerinden dessine kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda Netflix media prowaýderiniň saýty Türkmenistanda petiklidir. 16-njy dekabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy, Türkmenistanda Google Play tilsiminiň hem petiklenendigini habar berdi.

“6 Ýerasty” filmini surata düşürmek üçin 150 million dollar möçberinde serişde sarp edildi.

“Rotten Tomatoes” kinofilmelere syn websaýtynda “6 Ýerasty” filmine 10-dan 4,77 baha berlipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG