Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan smart telewizorlary öndürjekdigini aýdýar


Türkmenistanda öndürilmegi göz öňünde tutulýan smart telewizor.
Türkmenistanda öndürilmegi göz öňünde tutulýan smart telewizor.

Türkmenistan smart, ýagny akylly telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

13-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berlen maglumata görä, “Türkmensenagat” agentliginiň bilelikdäki kärhanasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlary öndürmek planlaşdyrylýar.

Resmi maglumatda telewizorlary öndürjek hünärmenleriň daşary ýurtlarda okadylandygy aýdyldy. Emma, ol ýurtlaryň atlary aýdyňlaşdyrylmady.

Şeýle-de, telewizorlaryň anyk haçan öndürilip başlanjakdygy we olaryň mümkin bahasy barada hem maglumat berilmedi.

2018-nji ýylyň 5-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň özünde kompýuterleriň önümçiliginiň ýola goýlandygy habar berlipdi. Şonda käbir media maglumatlarynda Türkmenistanda öndürlen kompýuterleriň sanynyň 100 müňdigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG