Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Owganystandaky amerikan esgerleriniň sanyny azaltmak isleýär


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper

15-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper Owganystanda parahatçylyk ylalaşygyny “baglaşyp ýa-da baglaşmazdan” bu ýurtdaky esgerleriň sanyny azaltmak isleýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol ýurtdaky NATO missiýasynyň başlygynyň häzirki meseleleri has az sanly esgerler bilen ýerine ýetirip biljekdigine ynanýandygyny hem belledi.

Prezident Donald Trampyň administrasiýasy ýylyň aýagyna çenli harbylaryň sanynyň ortaça 4000 çemesi azaldylmagy barada yglan etmegi mümkin. Bu çäre öňümizdäki ýyl başlajaga meňzeýär diýip, Birleşen Ştatlaryň mediasy habar berýär.

Owganystanda ABŞ-nyň 12 müňden 13 müňe çenli harbysynyň bardygy çaklanylýar.

Esperiň habarçylara aýtmagyna görä, NATO-nyň Owganystandaky missiýasynyň we Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň komandiri Austin Miller “esgerleriň sanyny azaldyp biljekdigine ynanýar” diýip, AP habarlar agentligi ýazýar.

XS
SM
MD
LG