Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öňki harby lideri Muşarraf ölüm jezasyna höküm edildi


Perwez Muşarraf
Perwez Muşarraf

Pakistanyň sudy öňki harby lider Perwez Muşarrafa 2007-nji ýylda ýurduň konstitusiýasyny wagtlaýyn saklandygy üçin dönüklikde aýyplama bildirip, ony ölüm jezasyna höküm etdi.

Yslamabadyň ýörite sudunyň üç adamdan ybarat topary bu baradaky karary, ençeme ýyl dowam eden sud derňewinden soň, 17-nji dekabrda yglan etdi.

1999-2008-nji ýyllar aralygynda Pakistany dolandyran öňki güýçli lider häzirki wagt Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde sürgünlikde ýaşaýar. Pakistanyň sudy Muşarraf baradaky hökümi gaýybana görnüşde çykardy.

1999-njy ýylda Muşarraf gan döküşiksiz harby agdarylyşygyň netijesinde ýurduň şol wagtky premýer-ministri Nawaz Şarifi häkimiýetden agdardy we soňra özi prezident boldy.

2007-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Muşarraf Pakistanyň konstitusiýasyny wagtlaýyn saklap, ýurtda adatdan daşary dolandyryşy girizdi. Ol impiçment ähtimallygyndan gaça durmak üçin 2008-nji ýylyň awgustynda wezipesinden çekilipdi.

XS
SM
MD
LG