Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bomba partlamasynda parahat ilatdan 10 adam öldi


Owgan howpsuzlyk güýçleri
Owgan howpsuzlyk güýçleri

Owganystanyň gündogaryndaky Host welaýatynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde ulagda sapar edip barýan parahat ilatdan azyndan 10 adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi partlamanyň 17-nji dekabrda irden Ali Şer etrabynda bolandygyny aýtdy.

Pida bolanlaryň arasynda üç çaga, iki aýal we bäş adam bar diýip, Rahimi belledi.

Host welaýat häkiminiň metbugat wekili Talib Mangal olaryň ählisiniň Logar welaýatyna barýan bir maşgalanyň agzalarydygyny mälim etdi.

Rahimi “Talyban” söweşijilerini bombany ýere düşemekde aýyplady.

Söweşiji topar häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG