Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: 2019-njy ýylda öldürilen žurnalistleriň sany azalýan mahaly, olaryň 389 sanysy tussaglykda saklanýar


Illýustrasiýa suraty

Serhetsiz Reportýorlar (RSF) guramasy žurnalistikanyň “howply kär” bolmagynda galýandygyny aýdyp, şu ýyl dünýäde 49 žurnalistiň öldürilendigini, 389 sanysynyň tussaglykda we başga-da 57-siniň zamunlykda saklanýandygyny belleýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň žurnalistlere garşy öldüriji ýowuzlyk we gazaply gatnaşyk barada çap eden ýyllyk hasabatynda 2019-njy ýylda öldürilen žurnalistleriň sany soňky “16 ýylda iň pes derejä” eýe boldy diýilýär.

17-nji dekabrda ýaýradylan hasabatda aýdylmagyna görä, soňky iki onýyllygyň dowamynda her ýyl ortaça 80 žurnalistiň öldürilendigi nazara alnanda, “taryhy pes” görkezijiniň sebäpleri uruş zonalarynda öldürilýän žurnalistleriň we beýleki media hünärmenleriniň sanynyň azalmagynyň netijesi bilen baglanyşykly.

Şu ýyl jemi 17 žurnalist Siriýadaky (10), Owganystandaky (5) we Ýemendäki (2) konflikt barada habar berýän mahaly öldürildi. Bu görkeziji geçen ýyl 34-e barabardy.

XS
SM
MD
LG