Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň birnäçe etrabynda birnäçe gün bäri kabel telewideniýesi işlemeýär


Türkmenistanyň milli telekanallary

Aşgabadyň käbir etraplarynda birnäçe gün bäri kabel telewideniýesi işlemeýär. Bu barada habar berýän Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary bu hyzmat bilen üpjün edýän "Türkmentelekom" kompaniýasyna jaň edilende operatorlaryň haçan düzediljegini aýtmaýandygyny belleýärler.

"Adamlar operatorlara jaň edenlerinde olara enjamlaryň laboratoriýa synaga tabşyrlandygyny aýdýarlar, emma hyzmatyň haçan ýola goýuljagyny düşündirmeýärler. Kabel telewideniýesi Asgabat saheriniň Parahat-7 we Parahat-8 etrapçalarynda hazirlikce yok" diýip, habarçymyz 17-nji dekabrda aýtdy.

Azatlyk Radidosy Türkmentelekom döwlet komaniýasynyň agzalan etraplary kebel TW bilen üpjün edýän edara jaň etdi, emma maglumat we düşündirş alyp billmedi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda kabel telewideniýesi Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde bar. "Türkmentelekomyň" bu hyzmaty her aýda 10 manada durýar.

"Ýaşaýyş jaýlaryň depelerinde raýatlaryň özbaşdak oturdan sputnik antennalary häkimiýetleriň köpçülikleýin aýyrmagyndan soň bir umumy antenna goýlup, öýlere kabel çekilipdi. Döwlet tarapyndan ornaşdyrlan tölegli kabel nokatlaryny ýasayjylaryň arzasy esasynda cekip berdiler.
Bu tolegli hyzmat basda 5 manada durýardy, bir ýyldan gowrak wagt bäri 10 manat boldy"
diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda kabel telewideniýesine köpçülikleýin geçiş soňky birnäçe ýylyň dowamynda amala aşyryldy. Şonda paýtagtyň häkimiýetleri şäheriň görküni gowulandyrmak bahanasy bilen ýaşaýjylaryň öz hasabyna oturdan çanak antennalaryny ýok edip başlapdy.

Habarçylarymyz ilat arasynda döwlet telewideniýesine tomaşa etmäge islegleriň ujypsyz galýan wagtynda kabel telewideniýesiniň köpçülik üçin başga alternatiwa bolmazdan, daşary ýurt telekanallaryny görmek üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup durýandygyny belleýärler.

"Bu tölegli kabel hyzmatyndan peýdalanmaklyk ýasaýjylar üçin mejburlyk, IP TW hyzmatlary aglaba orsýetiň döwlet kanallaryndan ybarat. Şol sebäpden raýatlar kabel TW hyzmatyndan peýdalanýarlar. Biz ondan üç ýyl bäri peýdalanýarys, hödürlenýän kanallar rus kanallary, Türkmenistanyň kanallary, Ýewropa kanallary" diýip habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, kabel telewidenisiniň hyzmatyndan peýdalanýan ulanyjylar ýörite ussalara ýüzlenip, petiklenen telekanallary görmek mümkinçiligine hem eýe bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” kompaniýasynyň kabel-telewideniýe hyzmatynyň tölegleriniň ýokarlanmagyndan we hiliniň ýaramazlaşmagyndan, hyzmatyň wagtal-wagtal kesilip durmagyndan şikaýat edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG