Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Sahalin adasynda üç polisiýa ofiseri bir aýal şübhelini gynamak aýyplamalary esasynda türme tussaglygyna höküm edildi.
Ýužno-Sahalinskiň şäher sudy üç ofiseri ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy. Russiýanyň Jenaýat kodeksinde gynamalara jeza temmisini kesgitleýän aýratyn madda ýok.
Ofiserlere üç ýyl, dört ýyl we üç aý, şeýle-de 4,5 ýyl türme tussaglygy berildi.
Derňewçileriň maglumatyna görä, 2015-nji ýylyň noýabrynda polisiýa işgärleri ogurlykda güman edilýän bir aýaly dokuz sagadyň dowamynda ýenjipdirler. Üç ofiser aýaly plastik torbasy, elektrik şoker bilen gynapdyr. Şeýle-de, polisiýa ofiserleri eger-de aýal günäsini “boýun almasa”, onda ony jynsy taýdan zorlajakdyklary bilen haýbat atypdyrlar.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän toparlar Russiýadaky polisiýa işgärleriniň gazaplylygyny ýyllar boýy üns merkezinde saklaýarlar.