Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada bir studente “Şindleriň sanawyndan” pursatlary ýerleşdirendigi üçin jerime salyndy


Wladikawkazyň Sowet etrap sudy

Demirgazyk Osetiýada Wladikawkazyň sudy 19 ýaşly hukuk fakultetiniň studentini “Nasistik nyşanlaryny we simwollaryny” çap edip, administratiw jenaýatlar kodeksini bozmakda günäli tapdy. Ilýa Gusoýewe 1 müň rubl, ýagny $16 möçberinde pul jerimesini salyndy.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionynyň sudunyň karary Içeri işler ministrligiň Ekstremizme garşy göreş merkeziniň derňewine esaslanýar. Merkeziň maglumatyna görä, Ilýa Gusoýew 13 ýaşynda wagty özüniň sosial hasabynda 1993-nji ýylda surata düşürilen “Şindleriň sanawy” atly anti-nasistik filminden şekilleri ýerleşdiripdir.

Stewen Spielbergiň surata düşüren filmi hakyky wakalara esaslanyp, ol ýedi Oskar baýragyny alypdy. Kinoda germaniýaly bir senagatçynyň Ikinji Jahan urşy döwri, uly maliýe serişdelerini harçlap, Holokostdan 1 müň 200 ýewreýi halas edişi görkezilýär.

Sud Gusoýewi nasistik simwollary görkezilýän wideo klibi ýerleşdirip, faşizmi mahabatlandyrmakda günäli tapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG