Özbegistanyň paýtagty Daşkentde güýçli ýagşyň netijesinde bolan ýer süýşgüninde alty gurluşyk işçisi heläk boldy.
Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň beren maglumatyna görä, bu waka 18-nji dekabrda Daşkentiň metrosynyň Ýunusobod liniýasyndaky bölümde boldy. Häzirki wagt bu liniýada gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Ministrlik halas ediş operasiýalarynyň alty gurluşykçynyň jesedi çykarylandan soň, 19-njy dekabrda irden tamamlanandygyny aýtdy.
Maglumatda betbagtçylygyň öňüni alyp bolardy ýa-da bolmazdy diýlen meseläni kesgitlemek boýunça hökümet komissiýasynyň döredilendigi hem nygtalýar.