Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani musulman döwletlerini ABŞ ‘gegemoniýasyna’ garşy göreşmäge çagyrdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Kuala Lumpurda çykyş edýär. 19-njy dekabr, 2019 ý. Malaýziýa
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Kuala Lumpurda çykyş edýär. 19-njy dekabr, 2019 ý. Malaýziýa

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Malaýziýada geçirilen Yslam konferensiýasynda musulman döwletlerini ABŞ “gegemoniýasyna” garşy göreşmek üçin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy.

Rohani 19-njy dekabrda Kuala Lumpurda geçirilýän çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edip, Eýranyň garaýşyny nygtady we Birleşen Ştatlaryň ykdysady sanksiýalary “agalyk gegemoniýasynyň we beýleki ýurtlary gorkuzmagyň esasy gurallary” hökmünde ulanýandygyny aýtdy.

Üç gün dowam etjek konferensiýa ýüzlerçe delegasiýa, şol sanda Türkiýäniň we Malaýziýanyň liderleri gatnaşýar. Ýöne çärä Eýranyň regional bäsdeşleri – Saud Arabystany we Yslam konferensiýasy guramasynyň (OIC) beýleki agzalary – gatnaşmaýar.

Bu konferensiýa, ABŞ 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşykdan geçen ýyl yza çekilip, Eýrana garşy ýiti sanksiýalary gaýtadan güýje girizenden soň geçirilýär.

Musulman dünýäsi “Birleşen Ştatlaryň dollarynyň agalygyndan we amerikan maliýe režiminden” halas edilmelidir diýip, Rohani musulman döwletleriniň arasynda has çuň maliýe we söwda hyzmatdaşlygyna çagyrdy.

XS
SM
MD
LG