19-njy dekabrda Moskwada Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) baş binasynyň daşynda şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýan ýaraglynyň ot açmagy netijesinde Gullugyň bir işgäri öldi, başga-da bäşisi ýaralandy.
FSB hüjümçiniň ýeke hereket edendigini we binanyň içine girmändigini aýtdy.
“Näbelli şahsyýet Bolşaýa Lubýanka köçesiniň 12-nji jaýynyň golaýynda ýaragdan ot açdy. Pidalar bar. Jenaýatçy ýok edildi” diýip, FSB media serişdelerine maglumat berdi.
FSB sowet döwrüniň KGB gullugynyň esasy mirasdüşeridir.
Russiýanyň Saglyk ministrligi hadysada bäş adamyň ýaralanandygyny we olara degişli medisina kömeginiň berilýändigini aýtdy.
Internetde peýda bolan wideolarda ok atyşyk mahaly adamlaryň Lubýanka meýdançasynyň merkezinden gaçyp barýandygyny görse bolýar.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow prezident Wladimir Putiniň hadysa barada habarly edilendigini aýtdy.
Hüjüm 20-nji dekabrda bellenilýän Russiýanyň Howpsuzlyk gulluklarynyň gününiň öňýanyna gabat geldi.