Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň hökümeti Muşarrafyň bedeniniň asylmalydygyny aýdan sudýany tankytlady


76 ýaşly Perwez Muşarraf häzir Dubaýda medisina bejergisini alýar.
76 ýaşly Perwez Muşarraf häzir Dubaýda medisina bejergisini alýar.

Pakistanyň hökümeti ozalky harby lider Perwez Muşarrafy ölüm jezasyna höküm eden sudýany wezipesinden çetleşdirmegi göz öňünde tutýar. Sudýa Muşarraf tussag edilmezinden öň ölse, onuň bedeniniň üç günläp köpçüligiň öňünde asylyp goýulmalydygyny hem talap edipdi.

Kanun ministri Farogh Nassem hökümetiň Ýokary Adalat Geňeşine ýüzlenip, Muşarrafa dönüklik aýyplamalary esasynda höküm çykaran üç kazylyk paneliň lideriniň çetleşdirilmegini soramakçydygyny aýtdy.

Naseemiň sözlerine görä, Peşewaryň Ýokary sudunyň adalat başlygy Wakar Ahmed Sethiň ýokary sudda kazylyk etmäge degişli ygtyýarlygy bolmandyr.

76 ýaşly Muşarraf Pakistana 1999-2008-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edipdi. Ol häzir Dubaýda medisina bejergisini alýar. Ol ýurduň sud ediljek ilkinji harby lideri bolar.

17-nji dekabrda Yslamabadyň Ýörite sudy Muşarrafyň tussag edilmegi boýunça höküm çykardy. Bu Pakistanyň harbylarynyň nägileligini döretdi we adalat pudagy bilen dartgynlylyklaryny artdyrdy.

Hökümde Muşarrafa çykarylan ölüm höküminiň berjaý edilmegini kepillendirmek üçin, kanun goraýjy edaralaryna onuň tussag edilmegi boýunça görkezme berilýär. Şeýle-de, onda “eger-de Muşarraf ölse, onuň bedeniniň Yslamabada getirilip, ol ýerde üç günläp asylyp goýulmalydygy” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG