Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýanyň hödürleýän kiber rezolýusiýanyň internet azatlygyny çäklendirjekdigine alada bildirýär


Moskwada martda Internet senzurasyna garşy protest geçdi.
Moskwada martda Internet senzurasyna garşy protest geçdi.

ABŞ Russiýanyň hödürleýän kiberhowpsuzlyk rezolýusiýasynyň ýurduň kiber gözegçiligini güýçlendirmek synanyşygydygyny, şeýle-de onuň şu aýyň soňunda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilip bilinjekdigini aýtdy.

BMG-niň Üçünji komiteti Russiýanyň rezolýusiýasyny 18-nji noýabrda sesleriň 88-58 gatnaşygy bilen kabul edipdi. 34 ýurt ses bermekden saklanypdy.

BMG-niň Baş Assambleýasy rezolýusiýa boýunça 24-nji dekabrda ses berer.

Rezolýusiýany onuň awtorlarynyň biri bolan Belarus, şeýle-de Hytaý, Wenesuela, Nikaragua, Eýran we Indoneziýa dagy goldaýarlar.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigine wekilçilik edýän Finlýandiýa, Kanada we Ýaponiýa rezolýusiýa garşy çykdylar.

Maglumat we Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň jenaýat maksatlary üçin ulanylmagyna garşy duruş rezolýusiýasy Russiýa täze kiberhowpsuzlyk ylalaşygyny düzmäge mümkinçilik berer.

Bilermenler munuň netijesinde Russiýada Internet azatlygynyň çäklendiriljekdigini we Kremliň oppozisiýasyna garşy basyşlaryň güýçlenjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG