Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp “Demirgazyk Akym – 2” proýektine garşy sanskiýalary göz öňünde tutýan taslama gol goýdy


“Demirgazyk Akym – 2” gazgeçiriji proýektiniň gurluşygy. Lubmin, Germaniýa. Mart

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Demirgazyk Akym – 2” gazgeçiriji proýektiniň gurluşygyna gatnaşýan kompaniýalara sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan kanun taslamasyna gol goýdy.

Trampyň 20-nji dekabrda gol çeken kanunynda gazgeçirijiniň gurluşygyna gatnaşýan kompaniýalaryň “dessine” öz işlerini bes etmegine çagyrylýar. Muny amala aşyrmadyklara serişdeleriniň doňdurylmagyny hem göz öňünde tutýan sanksiýalaryň giriziljekdigi duýdurylýar.

11 milliard dollarlyk “Demirgazyk Akym – 2” gazgeçiriji proýektiniň tamamlanmagyna ençeme hepde galdy. Bilermenleriň käbiri sanksiýalaryň beýle giç girizilmegi netijesinde proýektiň togtadyljakdygyna şübhe bildirdiler.

1 müň 230 kilometrlik geçirijiniň soňky tapgyryny alyp barýan şweýsariýaly Allseas Group kompaniýasy turba çekmek işlerini saklaýandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG