Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Mirziýoýew döwrüniň ilkinji parlament saýlawlary geçýär


Özbegistanyň Horezm sebitinde ýaşaýjylar ses berýärler.
Özbegistanyň Horezm sebitinde ýaşaýjylar ses berýärler.

Özbegistanda mundan üç ýyl ozal häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýew geçeli bäri ilkinji parlament saýlawlary geçirilýär.

2016-njy ýylda Özbegistana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk eden ozalky awtoritar lider Yslam Kerimow ýogalandan soňra, ýurduň başyna Şawkat Mirziýoýew geçipdi. Ol ýurtbaştutany bolanyndan soňra reformalary geçirmegi wada beripdi.

Emma, bilermenler ses bermäge hukugy bolan 20 millon çemesi özbegistanlynyň ýene-de çäkli saýlaw mümkinçiliginiň boljakdygyny aýdýarlar.

Parlament saýlawlaryna gatnaşýan bäş partiýanyň ählisiniň ýurduň häzirki hökümetinde orny bar.

Mirziýoýew kanunçykaryjylara ýüzlenip, ýurduň syýasy durmuşynda has köp rol oýnamaga çagyrdy.

Saýlawlar “Täze Özbegistan, Täze Saýlawlar” diýen şygary astynda geçýär.

Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy paralmentiň aşaky öýüniň 150 orunlyk Oliý Mejlisinde häzirki pursat 52 orny eýeleýär. Galkynyş partiýasynyň bolsa 36 orny bar.

XS
SM
MD
LG