Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Abe telefon söhbetdeşliginde Eýrany maslahat etdiler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. (arhiw suraty)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen telefon söhbetdeşliginde Eýrany, Demirgazyk Koreýany we söwdany maslahat etdi diýip, Ak Tam 21-nji dekabrda giçlik maglumat berdi.

Ak Tamyň metbugat wekili Eýran baradaky gürrüňiň jikme-jiklerini aýan etmedi.

Kýodo habar gullugy söhbetdeşligiň 15 minut çemesi dowam edendigini aýtdy.

Şol günüň özünde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Ýaponiýa eden iki günlük saparyny tamamlapdy. Ol Tokiodan 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyny saklap galmaga ýardam bermegini sorady.

ABŞ-nyň Aziýa sebitindäki ýarany Ýaponiýa Eýran bilen hem diplomatiki we ykdysady gatnaşyklary saklaýar.

Mundan öň, Abe iki bäsdeş ýurda araçylyk etmäge hem synanyşypdy.

Geçen ýyl Tramp ABŞ-ny ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soňra, Waşington bilen Tähranyň gatnaşyklary has-da ýitileşdi.

XS
SM
MD
LG