Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystan tanymal kinorežissýor Bolot Şamşiýewiň aradan çykmagynyň ýasyny tutýar


Bolot Şamşiýew

Gyrgyzystan tanymal kinorežissýor Bolot Şamşiýewiň aradan çykmagynyň ýasyny tutýar. Ol hepdäniň ahyrynda 79 ýaşynda, Bişkekde aradan çykdy.

Şamşiýewiň filmlerinde oýnan aktýorlar Murat Mambetowyň we Nurgazy Sydygaliýewiň 23-nji dekabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “ussadyň” aradan çykmagy Gyrgyzystan üçin “öwezini dolup bolmajak ýitgi” boldy.

Şamşiýew 21-nji dekabrda nämälim keselden aradan çykdy.

Gyrgyz kinorežissýory, hususan-da, 1968-1988-nji ýyllarda döreden filmleri üçin öňki Sowet Soýuzynyň çäginde meşhurlyga eýe bolupdy.

Şamşiýew özüniň döreden filmleri üçin ençeme sowet döwlet baýraklaryna we Italiýada, Fransiýada, Germaniýada hem-de Çehoslowakiýada halkara baýraklara mynasyp bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG