Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: Owganystanda ABŞ-nyň bir harby gullukçysy öldi


Owganystanyň kartasy

Owganystandaky söweşde Birleşen Ştatlaryň bir harby gullukçysy öldürildi diýip, ABŞ-nyň harbylary habar berýär.

Resmileriň 23-nji dekabrda yglan eden habarynda goşmaça maglumat berilmeýär. Şeýle-de, ilki bilen harby gullukçynyň maşgala agzalaryny habarly etmek maksady bilen, onuň şahsyýeti häzirlikçe köpçülige mälim edilmeýär.

AFP neşiri Birleşen Ştatlaryň harby gullukçysyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid WhatsApp messenjeri arkaly AFP neşirine beren maglumatynda söweşijileriň 22-nji dekabrda giçlik “Gunduzyň Çar Dara etrabynda amerikan ulagyny partladandygyny” aýtdy.

Şu ýyl Owganystanda daşary ýurtly harby gullukçylaryň azyndan 20 sanysy öldürildi. 18 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän konfliktde Birleşen Ştatlaryň 2400-den gowrak harbysy öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG