Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Özbek saýlawlarynda ‘çynlakaý bozulmalar” kölege saldy, ýöne ‘garaşsyz seslere has köp çydamlylyk’ görkezildi


Özbegistanda ýaşaýjylar ses berýärler.
Özbegistanda ýaşaýjylar ses berýärler.

Özbek parlament saýlawlarynda Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy ýeňiş gazandy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary “garaşsyz seslere has köp çydamlylyga” rugsat berýän üýtgeşiklikleriň fonunda, saýlawlara “çynlakaý düzgün bozmalaryň” kölege salandygyny aýdýarlar.

22-nji dekabrdaky ses berişlik – Özbegistanda mundan üç ýyla golaý wagt ozal prezident saýlanan Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geçeli bäri geçirilen ilkinji parlament saýlawlarydyr.


2016-njy ýylda Özbegistana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk eden ozalky awtoritar lider Yslam Kerimow ýogalandan soňra, ýurduň başyna Şawkat Mirziýoýew geçipdi. Ol ýurtbaştutany bolanyndan soňra reformalary geçirmegi wada beripdi.

Saýlawlar “Täze Özbegistan, täze saýlawlar” diýen şygar astynda geçirildi.

Muňa garamazdan, parlament saýlawlaryna gatnaşan bäş partiýanyň ählisi hem Mirziýoýewi goldap çykyş edýär.

23-nji dekabrda yglan edilen deslapky netijelerde Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň paralmentiň aşaky öýüniň 150 orunlyk Oliý Mejlisinde 43 orny eýeländigi mälim edildi. Ony Milli Galkynyş partiýasy yzarlap, ol bolsa 36 orna eýe boldy.

Şeýle-de, özbek paralmentiniň aşaky öýünde Adalat Sosial Demokratik partiýasy 21 orny eýeledi.

Özbegistanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy saýlawlara ses berijileriň 70%-den gowragynyň gatnaşandygyny yglan etdi. Bu ses berişligi öz güýjünde saklamak üçin gerekli bolan iň pes görkezijiden, ýagny 33%-den örän ýokarydyr.

Özbek ses berişliklerine we saýlaw kampaniýasyna gözegçilik etmek üçin synçylaryny iberen ÝHHG progresiň bolandygyny, ýöne kemçilikleriň hem bardygyny nygtady.

“Saýlawlar gowulandyrylan kanunçylyk we garaşsyz seslere has köp çydamlylyk esasynda geçirildi. Ýöne saýlaw güni proseduralaryna doly we asyl nusgadaky ýaly hormat görkezilmedi” diýip, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti George Tserateli aýtdy.

“[Saýlawlara] gatnaşýan partiýalar özleriniň syýasy platformalaryny we media serişdelerinde debatlaryny görkezdiler. Olaryň käbirleri ilkinji gezek göni efirde amala aşyryldy. Muňa garamazdan, debat düzgünleri we syýasy wariantlar heniz hem çäkli bolmagynda galýar” diýip, Tserateli 23-nji dekabrda Daşkentde beren maglumatynda belledi.

Şeýle-de, ol ÝHHG-niň synçylarynyň ses berişlikler döwründe “ençeme çynlakaý düzgün bozulma”, şol sanda bir adamyň başga birine derek ses bermegi we sesleri sanamakdaky problemalar ýaly wakalara şaýat bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG