Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” hüjüminde ýedi owgan esgeri öldi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda jeňçileriň harby barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etmegi netijesinde azyndan ýedi owgan esgeri öldi. Bu barada ýurduň Goranmak ministrligi maglumat berýär.

24-nji dekabrda Döwlet Abat etrabyna edilen hüjümde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan başga-da alty gullukçy ýaralandy.

Ýerli wagt bilen irden 04:30 töweregi amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne aldy.

Jeňçi topary sebitde işjeň hereket edýär.

XS
SM
MD
LG