Russiýanyň iň döwrebap harby uçary türgenleşik mahaly heläkçilige uçrady diýip, rus resmileri maglumat berýärler. Pilotyň uçaryň içinden howpsuz ýagdaýda çykmagy başarandygy hem bellenilýär.
Su-57 kysymly uçar ýurduň Uzak Gündogaryndaky Komsomolsk-Amur şäheriniň golaýynda geçirilen türgenleşik missiýasynyň dowamynda ýere gaçdy diýip, Russiýanyň Birleşen Awiagurluşyk Korporasiýanyň 24-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Russiýanyň iň döwrebap Su-57 uçary ilkinji gezek heläkçilige uçraýar.
Heläkçiligiň sebäpleri bada-bat aýdyňlaşdyrylmady.
TASS gullugynyň öz çeşmesine salgylanyp beren maglumatyna görä, “deslapky netijelere laýyklykda, heläkçilige awia gözegçilik ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäp bolupdyr”.
Su-57 özüniň ikinji uçuşyny 2010-njy ýylyň ýanwarynda amala aşyrypdy.
Ol Suhoý kompaniýasy tarapyndan ABŞ-nyň F-22 Raptor uçarlaryna bäsdeş hökmünde düzülipdi.