Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda bir adam 8 ýaşly öweý gyzyna azgynlyk edenlikde aýyplanýar


Hatlon welaýatynyň prokuraturasy
Hatlon welaýatynyň prokuraturasy

Ol saklanan deslapky tussaghanada otyr, hossarlary oňa ýöňkelýän günäleri ret edip, boşadylmagyny talap edýärler. Beýleki tarap bolsa ol adama adalatly jeza berilmegini gazanmaga çalyşýar.

Günälenýäniň hem jebir çekeniň kimligi Azatlyk Radiosyna mälim bolsa-da, ahlak nazaryndan olaryň atlaryny aýtmakdan saklanýar.

Ol adamyň garşysyna jepa çeken gyzjagazyň hakyky kakasynyň hossarlary tarapyndan berlen arza esasynda, Täjigistanyň JK-nyň 142-nji («Azgynçylyk hereketi») maddasy boýunça jenaýat işi açylýar. Soňra onuň ýaşaýan sebitindäki prokuratura bu işi Hatlon welaýat prokuraturasynyň garamagyna geçirýär.

Günä bildirilýän M.M-niň ejesi Azatlyk bilen telefon arkaly gepleşende, ogluna garşy bildirilýän günäniň ählisini ret edýär. Enäniň sözüne görä, ogly başky aýaly bilen aýrylyşyp, 8 ýaly gyzy bolan dul aýala öýlenipdir. Olaryň bir ogul çagasy bolupdyr.

“Ol çagany diýseň söýýärdi, kiçi ogly ony ýeňilräk dişlese-de zat diýmezdi. Gyzy bilenem şeýle, ol gyzyny käýarym ýeňiljek dişleýärdi, gyzyň teninde onuň dişlän ýerleriniň gök tegmilleri galypdyr. Şolam gyzjagazy zorlapdyr diýmäge bahana boldy” diýip, ene aýdýar.

M.M. öň iş kesilen, 2016-njy ýylda ogurlykda türmä düşüp, soň amnistiýa bilen azatlyga çykypdyr. Enäniň sözüne görä, sud-medisina ekspertizasy çaganyň zorlanandygyny tassyk etmändir. Ýöne «çaga ulularyň gep bermegi bilen atalygynyň garşysyna görkezme beripdir».

Hatlon welaýat prokuraturasyndaky çeşme bolsa Azatlyga: «Görkezme bolmazdan, graždaniniň garşysyna jenaýat işi açylmaýar, M.M. öz günäsini doly boýun aldy» diýdi. Ýöne onuň öz jenaýatyny nähili boýun alandygy mälim däl.

Şol wagtyň özünde, jebir çeken gyzjagazyň ejesi adamsyna garşy özüniň arza-şikaýatynyň ýokdugyny, her nähili-de bolsa, adamsyny türmeden boşatmak üçin çalyşjagyny aýdýar.

Gyzjagazyň ejesi T. H. gaýyn enesiniň ýanynda Azatlygyň beren soraglaryna örän gorka jogap gaýtardy. “Ol artykmaç gowy görýäni hem söýýäni üçin, gyzyny dişledi. Ol bir gezek däl, meniň ýanymda köp gezek şeýle edipdi. Ol töhmete duçar boldy, şonuň üçin onuň jogapkärçilikden boşadylmagyny isleýän” diýip, T. H. aýdýar.

T. H. elinde ýene bir ýaş çaganyň bardygyny ýatladyp, ony-da aýak üstüne galdyrmak gerek, maşgalanyň maddy ýagdaýy bolsa agyr diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ýöne ýagdaýdan habarly çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, M. M. hakykatdanam kämillige ýetmedik öweý gyzyny gizlin ýagdaýda zorlap gelipdir. Munuň barysy gyzjagaz öňki hakyky enesiniň öýüne baryp, olarda suwa düşen wagtynda aýan bolupdyr. Ene agtygynyň tenindäki gök-benewşe tegmilleri görüp, munuň sebäbini sorap başlapdyr. Enesiniň uzak soragyndan soň ol kakalygy tarapyndan zorlanandygyny aýdypdyr.

Bu habar garyndaşlaryň arasyna çalt ýaýrapdyr. Gyzyň hakyky kakasynyň hossarlary kanun goraýjy guramalara arza beripdirler. Gyzyň kakasy bolsa mundan birnäçe ýyl öň Orsýetde ölen eken.

Prokuratura bu işiň häzir hem derňewdedigini aýdyp, derňew işine zyýan ýetmezligi üçin, oňa düşündiriş bermekden saklanýandygyny mälim etdi.

Häzirki wagtda täjik kanun aktlary 14 ýaşyny dolmadyklara garşy azgynçylykly hereket edeni iki ýyldan, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edýär. Ýöne bir maşgaladan bolan adamyň kämillik ýaşyna ýetmedigi zorlandygy ýa-da jynsy gatnaşyk maksady bilen güýç ulanandygy üçin, kanun örän ýowuz çäräni göz öňünde tutýar.

Şu ýylyň maý aýynda Duşenbe şäher sudy kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyny zorlan adamy ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Hökümetler şeýle ýamaz meýillerden alada galýarlar. Golaýda Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Farruh Raufow Duşenbede bolan konferensiýada, seksual häsiýetli hasaba alnan jenaýat işleriniň 88%-niň kiçi ýaşly çagalaryň garşysyna edilendigini aýtdy.

Baş prokuraturanyň resmi statistikasyna görä, soňky 9 aýyň dowamynda, ýurtda kämillige ýetmedik 189 çaga jynsy zorlugyň pidasy bolupdyr, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 jenaýatyň artykdygyny görkezýär.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG