Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan özüniň ABŞ tarapyndan dini azatlyklary bozýan ýurtlaryň sanawynda ýerleşdirilmegini ýazgardy


Pakistanyň kartasy
Pakistanyň kartasy

Pakistan özüniň Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan dini azatlyklary bozýan ýurtlaryň sanawynda ýerleşdirilmegini ýazgardy.

“Pakistan birtaraplaýyn we esassyz kesgitlemäni ret edýär” diýip, Pakistanyň Daşary işler ministrligi 24-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda prosesiň “şübhelidigini” hem belledi.

“Bu beýanat diňe hakykatlardan aýrylman..., eýse bu barlagyň näderejede açykdygy we ygtybarlydygy dogrusynda hem soraglary döredýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 18-nji dekabrda ýaýradan beýanatyna görä, ‘dini azatlyklary sistematik görnüşde, yzygiderli, [we] aýylganç basgylamaga’ gatnaşandyklary üçin ýa-da basgylanylmagyna çydamlylyk görkezendikleri üçin Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany, Täjigistan we Türkmenistan 1998-nji ýylyň Halkara din azatlyklary Aktyna laýyklykda “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna täzeden goşuldy.

Ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Pakistan azlykda ýaşaýan halklaryň hukuklaryny kemsidýändigi aýdylýan kanunlary üçin tankyt edilýär. Pakistanda hudaýa şek ýetirmekde günäli tapylan adam ölüm jezasyna höküm edilýär.

XS
SM
MD
LG