Eýranyň harby uçary ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Ardabil welaýatyndaky Sabalan dag gerişlerinde heläkçilige uçrady diýip, 25-nji dekabrda Eýranyň döwlet mediasy habar berdi.
IRNA habarlar agentligi ýerli resmilere salgylanyp, halas ediş toparlarynyň wakada aman galanlary gözlemek üçin heläkçiligiň bolan ýerine barandygyny mälim etdi.
Maglumatda wakada adam ýitgisiniň bolandygy ýa-da bolmandygy, şeýle-de uçaryň bortunda näçe adamyň bardygy hakda häzirlikçe maglumat berilmeýär.