Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygynda bombaly hjümde alty esger wepat boldy


Oganystanyň harbylary

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda 26-njy dekabrda irden harby bölüme zarba uran güýçli bomba partlamasynda azyndan alty sany owgan esgeri wepat boldy. Bu barada resmiler aýdýarlar.

Içine bomba salnan awtoulagyň partlamagynyň yzýany ýaragly söweşijiler harby bölüme hüjüm etdiler. Goranmak ministrligi bu barada eden beýanatynda bu ýagdaýy "terrorçylyk hüjümi" atlandyrdy.

Partlama we yzýany söweşijileriň we owgan esgerleriň arasynda bolan söeşler zerarly azyndan üç esger ýaralanypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini dessine hiç kim öz üstüne almady.

Balh welaýatynyň häkimi Munir Farhad söweşijilere gaýtargy berilýänçä, harby bölümiň içinde birnäçe sagatlap söweşiň dowam edendigini aýtdy.

Iki gün mundan öň Balh welaýatynyň Dawlat Abad etrabynda barlag-geçiş nokadynda "Talyban" tarapyndan edilen hüjümiň netijesinde ýedi sany owgan esgeri wepat bolupdy. ​

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG