Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus öňki içeri işler ministri Zaharankanyň dereksiz ýitmegine degişli işi gaýtadan gozgady


Öňki içeri işler ministri we oppozision syýasatçy Ýuriý Zaharankanyň hatyrasyna

Belarusyň derňew komiteti öňki içeri işler ministri Ýuriý Zaharankanyň dereksiz ýitmegine degişli işi onuň 20 ýyl mundan öň ogurlanmagyna we öldürilmegine gatnaşygy bolmakda güman edilýän gizlin polisiýanyň öňki agzasynyň eden beýanatyndan soň gaýtadan gozgady.

Belarusly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Aleh Wouçakyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna aýtmagyna görä, Derňew komitetiniň bu işi 1999-njy ýylda Içeri işler ministrliginiň ýörite bölüminde gulluk eden Ýuriý Harauskiniň Deutsche Welle radiostansiýasyna 16-njy dekabrda beren interwýusyndan iki gün soň gozgapdyr. Agzalan bölümiň prezident Aleksandr Lukaşenkanyň syýasy garşydaşlaryny ogurlap öldürendigi güman edilýär.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Derňew komitetiniň başlygy Ýuriý Waraukiniň 18-nji dekabrda gol çeken hatyny görkezdi we işiň gaýtadan gozgalandygyny belledi. Bu hatda aýdylyşy ýaly, adamyň ýitirim bolmagy baradaky işiň gozgalmagyna ýörite polisiýanyň öňki işgäriniň we oppozision syýasatçynyň "ýüzüni ýaşyrman" çykyş edendigi we munuň "uly jemgyýetçilik reaksiýasyny" döretmegi sebäp bolupdyr.

Ýuriý Harauski öz interwýusynda özüniň agza bolan gizlin bölümiň oppozisiýa lideri Wiktar Hançary, biznesmen Anatol Krasouskini we Zakharankanyň ogurlandygyny we öldürendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG