Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik gazeti protest hökmünde baş sahypasyny boş çap etdi


Täjigistanyň "Takhti Qubod" gazeti, 24-nji dekabr, 2019

Täjigistanda döwlet eýeçiligindäki hepdelik neşri 24-nji dekabrda özüniň iň soňky sanyny çap edip, baş sahypasyny boş çykardy. Gazet "obýektiw informasiýanyň" elýeterli däldigine, sebäbi ýerli resmileriň geplemekden we žurnalistlere maglumat bermekden boýun gaçyrýandygyna protest bildirdi.

Merkezi Aziýa ýurdunda ilkinji gezek döwlet eýeçiligindäki neşir şeýle görnüşde protest bildirdi we geçmişde meselä ünsi çekmek ýa-da senzurany ýazgarmak üçin boş ýa-da gara sahypalary çap eden garaşsyz neşirlere goşuldy.

"Takhti Kubod" gazetiniň ikinji sahypasynda çap edilen maglumatda baş redaktor Adolat Saifulloýewa boş duran "baş sahypa her bir resminiň çykyşynyň nähili görünýändigini şekillendirýär" diýip, ýazdy. Ol gazetiň baş sahypasynyň boş durmagyny "obýektiw informasiýanyň kemçilik etmegine we resmileriň ýerli žurnalistler bilen hyzmatdaşlykda ýüz öwürmegine protest" diýip atlandyrdy.

Sekiz sahypalyk hepdelik Hatlon regionynyň Kubodiýen etrabynyň administrasiýasynyň resmi neşri bolup, iki sany mugallym tarapyndan ýarym stawka esasynda dolandyrylýar. Bu ýeke-täk ýerli täzelik neşiridir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG