Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatynyň golaýynda ýykylan ýolagçy uçarynda azyndan 12 adam öldi


Ýykylan uçar

Düýbi Gazagystanda ýerleşýän “Bek Air” kompaniýasynyň üsti 95 ýolagçyly, bäş ekipaž agzaly uçary 27-nji dekabrda Almatynyň golaýynda asmana galanda ýykyldy we azyndan 12 adamyň ölümine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Resmiler 66 adamyň hassahana alnyp gidilendigini aýtdylar. Olaryň 44-si hasshanada alnyp galyndy, 18 adamyň ýagdaýy agyr.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 28-nji dekabry uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hormatyna ýas güni diýip yglan etdi.

Uçardaky ýolagçylaryň atlary çap edildi. Awiasiýa häkimiýetleri uçaryň iki gatly bina gelip urmazyndan öň, asmana göterilen wagtynda badyny gaçyrandygyny we beton haýaty böwsüp geçendigini aýtdylar.

Ýolagçy uçary paýtagt Nur-Soltana, ozalky Astana şäherine barýardy.

“Roýeters” habar gullugy aeroportdan onuň töwereginiň goýy ümür-dumana gaplanandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG