Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatynyň golaýynda ýykylan ýolagçy uçarynda azyndan 12 adam öldi


Polisiýa uçaryň ýykylan sebitine gözegçilik edýär. 27-nji dekabr, 2019 ý.
Polisiýa uçaryň ýykylan sebitine gözegçilik edýär. 27-nji dekabr, 2019 ý.

Düýbi Gazagystanda ýerleşýän “Bek Air” kompaniýasynyň üsti 95 ýolagçyly, bäş ekipaž agzaly uçary 27-nji dekabrda Almatynyň golaýynda asmana göterilenden soň ýykyldy we azyndan 12 adamyň ölümine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Resmiler 66 adamyň hassahana alnyp gidilendigini aýtdylar. Olaryň 49-sy hassahanada alnyp galyndy, 18 adamyň ýagdaýy agyr.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 28-nji dekabry uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hormatyna ýas güni diýip yglan etdi.

Awiasiýa häkimiýetleri uçaryň iki gatly bina gelip urmazyndan öň, asmana göterilen wagtynda badyny gaçyrandygyny we beton haýaty böwsüp geçendigini aýtdylar.

Ýolagçy uçary paýtagt Nur-Soltana, ozalky Astana şäherine barýardy.

Premýer-ministriň orunbasary Roman Sklýar “uçaryň üç bölege bölünendigini” aýtdy.

Ol uçar ýazgylarynyň tapylandygyny we derňewçilere gowşurylandygyny hem sözüne goşdy.

Fokker 100 kysymly uçaryň operatory “Bek Air” kompaniýasydyr.

Heläkçilige uçran Fokker 100 uçary 1996-njy ýylda düzülipdi. Resmiler onuň soňky uçuş sertifikatynyň 2019-njy ýylyň maýynda berlendigini aýtdylar.

“Bek Air” kompaniýasynyň we Fokker 100 uçarlarynyň ähli uçuşlary, heläkçilik bilen bagly derňew işleri geçirilýänçä, näbelli wagta çenli togtadyldy.

“Reuters” habar gullugy aeroportdan onuň töwereginiň goýy ümür-dumana gaplanandygyny habar berdi.

Almatynyň gan bankynyň maglumatyna görä, eýýäm ýüzlerçe adam ýaralananlar üçin ganyny tabşyrypdyr, başga-da ýüzlerçe meýletinçi munuň üçin ýazga durupdyr.

Ýolagçylaryň sanawynda iki ukrain, bir hytaý we bir gyrgyz raýaty hem bar. Emma, olaryň ykbaly häzirlikçe näbelli. Ýolagçylaryň galany we ekipaž agzalary gazak raýatlary.

Tengrinews ýerli habar saýtynyň aman galan ýolagçylaryň biriniň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, uçar badyny gaçyryp başlanynda onuň içinde “aýylganç goh” döräpdir.

“Uçar dik aşaklygyna agyp başlady. Ähli zat kinolardaky ýaly bolup geçdi: goh, galmagal, agy” diýip, aman galan ýolagçylaryň biri aýtdy.

Hadysanyň ýüze çykan Almerek obasynyň daşy gabaldy.

Fokker uçarlarynyň öndürijisi 1996-njy ýylda bankrotlyga uçrandygyny yglan etdi. Ol 1997-nji ýylda uçarlary öndürmegini bes etdi.

“Muňa jogapkärler kanuna laýyklykda berk jeza çekerler” diýip, Tokaýew Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy, şeýle-de pidalara we olaryň maşgala agzalaryna gynanç bildirdi.

XS
SM
MD
LG