Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somali paýtagtynda partladylan ýük maşyny azyndan 76 adamy öldürdi


Somali. Ulag partlamasy. Arhiw suraty

Somaliniň paýtagty Mogadişuda, köp adamly howpsuzlyk barlagy nokadynda bolan partlama azyndan 76 adamy öldürdi diýip, resmiler aýtdylar.

"Partlama weýrançylykly boldy, men 20-den gowrak asuda adamyň öldürilendigini tassyklap biljek, ol ýerde ýaraly bolan hem kän, ölenleriň sanynyň artmagy mümkin” diýip, polisiýa ofiseri Ibrahim Mohamed aýtdy.

Mogadişuda, partlamanyň bolan ýerinde žurnalistler bilen gürleşen maýor Omar Muhamoud hökümetiň partlamada azyndan 90 adamyň ýaralanandygyny tassyklandygyny, olaryň köpüsiniň studentlerdigini aýtdy.

Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG