Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Feminizm aktiwisti gyrgyz paýtagtynda özüne hüjüm edilendigini aýdýar


Aýgul Karabalina

Gyrgyzystanda tanymal feminizm aktiwisti, feministlere garşy toparlaryň golaýda gurnan protestleriniň fonunda, Bişkekde özüne näbelli adamlaryň hüjüm edendigini aýdýar.

Goňşy Gazagystanda doglan, emma Gyrgyzystanda ýaşaýan Aýgul Karabalina 27-nji dekabrda feýsbukda 26-njy dekabr güni giçlik iki sany nätanyş erkegiň özüne hüjüm edendigini aýtdy.

Ol bu hüjüm netijesinde beýnisine sarsgyn düşendigini, gözüniň öňüniň gögerendigini gürrüň berdi we howpsuzlyk aladalary sebäpli, çagasyny alyp, Gyrgyzystany terk etmekçidigini aýtdy.

"Men gorkýaryn we, bäbegimi howp astyna düşürmezlik üçin bu ýerden gitmek isleýärin” diýip, Karabalina ýazdy.

Karabalinanoýabryň aýagynda, anti-feminizm toparlarynyň basyşlaryna garamazdan, Bişkekde, Gapar Aýtiýew adyndaky çeperçilik muzeýinde gurnalan 1-nji aýallar häzirki zaman sungaty sergisiniň guramaçysy boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG