Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Näsaga medisina kömegini bermäge baran gürjüstanly lukman Günorta Osetiýa türmesinden boşadyldy


Waža Gaprindaşwili (Vazha Gaprindashvili)

Tanymal gürji lukmany Waža Gaprindaşwili (Vazha Gaprindashvili) bölüniji sebit Günorta Osetiýanyň türmesinden boşadyldy.

Gürjüstandaky Ortopedler we trawmatologlar birleşiginiň prezidentiGaprindaşwili 28-nji dekabrda, aýdylmagyna görä, Günorta Osetiýanyň de fakto prezidenti Anatoliý Bibilow “günäsini geçenden” soň azatlyga çykaryldy.

Gaprindaşwili 20-nji dekabrda, hamala sebitiň serhdinden bikanun geçendigi üçin, 1 ýyl 9 aý türme tussaglygyna höküm edildi. Ol özüniň kanuny bozmandygyny, sebäbi Günorta Osetiýanyň Gürjüstanyň bir bölegi bolup durýandygyny aýdyp, aýak depdi.

Lukman bu sebite medisina kömegine mätäç adamyň çakylygy boýunça, oňa em etmek maksady bilen barypdyr.

Gürjüstanyň hökümeti, Birleşen Ştatlar we adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” onuň azat edilmegine, günorta Osetiýanyň araçäk boýundaky geçiş nokatlarynyň ählisini gaýtadan açmagyna çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG