Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanly korrupsiýa garşy blogçy polisiýanyň özüni urandygyny aýdýar, IIM bu ýalan diýýär


Mehman Huseýnow

Ozal polisiýanyň eden-etdilikleri barada aýdan zatlary üçin türmä basylan tanymal azeri blogçysy özüniň we ýene bäş adamyň 27-sinden 28-nji dekabra geçilýän gijede Bakuwyň merkezinde tussag edilip, urlup-ýenjilendigini aýdýar.

Korrupsiýa garşy göreşiji we şu aýdaky ýerli saýlawlarda bäsleşige çykyp, saýlaw bidüzgünçiliklerinden şikaýat eden Mehman Huseýnow polisiýa ofiserleriniň özüni we beýlekileri saklap, näbelli bir ýere alyp gidip, urandygyny aýdýar. “Polisiýa tarapyndan alty adam urlup-ýenjildi” diýip, ol 28-nji dekabrda aýtdy.

“Olar munuň sebäbini hem aýtmadylar. Diňe “Plakat nirede? Nirede olar? Siz näme üçin ýygnanyşyk guraýarsyňyz?” diýdiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Huseýnow mart aýynda, iki ýyllyk türme tussaglygyny tamamlandan soň azatlyga goýberildi. Ol, özüne nädogry çemeleşendigini aýdyp, hamala, polisiýa töhmet atmakda aýyplanyp, 2017-nji ýylyň ýanwarynda tussag edildi.

Bu jenaýat işi halkara tankydyna we Huseýnowyň derhal azat edilmegi baradaky çagyryşlara, Bakuwda ullakan demonstrasiýalaryň gurnalmagyna alyp geldi.

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy wekili Harlem Desir tanymal azeri blogçysynyň polisiýa tarapyndan gije tussag edilip, urlup-ýenjilendigi baradaky maglumatyň özüni alada goýandygyny aýtdy we azeri häkimiýetlerini bu meseläni jikme-jik derňemäge çagyrdy.

IIM-niň bir resmisi 28-nji dekabrda Huseýnowyň aýyplamalaryny “ýalan” we "toslama" diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG