Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain häkimiýetleri we Donetsk separatistleri tussag alyşmaga başlady


"Alyşmak başlandy” diýip, öz-özüni yglan eden Donetsk halk respublikasynyň adam hukuklary wekili bolan  Darýa Morozowa aýtdy.

Ukrain häkimiýetleri we gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler tussaglary alyşmaga başladylar diýip, Ukrainanyň prezidentiniň edarasy 29-njy dekabrda aýtdy.

"Maýorsk barlag nokadynda tussag edilen adamlary goýbermek prosesi başlandy" diýip, ukrain prezidentiniň resmi saýty twitterde aýtdy we birnäçe surat çap etdi.

"Alyşmak başlandy” diýip, özüni Donetsk halk respublikasy diýip atlandyran tarapyň adam hukuklary wekili Darýa Morozowanyň sözleri rus mediasynda sitirlendi

Ukrain tarapynyň 87 adamy beýleki tarapa bermegine garaşylsa, separatistleriň 55 adamy tabşyrmagyna garaşylýar diýip, “Unian” habar agentligi Donetsk separatistleriniň wekiline salgylanyp habar berdi.

Eger-de doly başa barsa, bu dört aý içinde konfliktde tutulan ukrainalylaryň ikinji uly tussag alyş-çalşygy bolar.

Tussaglary alyşmak ideýasy 9-njy dekabrda Parižde Normand dörtlügi – Ukraina, Orsýet, Fransiýa we Germaniýa tarapyndan gurnalan parahatçylyk gepleşikleriniň 5 ýyllyk konflikti soňlamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde güýçlendi.

Soňky gezek Orsýet we Ukraina jemi 70 tussagy alyşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG