Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” jeňçileri Owganystanyň Takhar welaýatynda 17 milisiýa agzasyny öldürdi


Takhar welaýatyndaky harbylar

“Talyban” jeňçileri Owganystanyň demirgazygyndaky Takhar welaýatyna hüjüm edip, milisiýa erkekleriniň 17 sanysyny öldürdiler diýip, ýerli resmiler 29-njy dekabrda aýtdylar.

Bu hüjümde ýerli milisiýanyň komandiri nyşana alnana meňzeýär, emma ol aman gutuldy diýip, Takhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi aýtdy.

Bu töwerek häzir hökümet güýçleriniň gözegçiligi astynda ýerleşýär diýip, sözçi sözüniň üstüni ýetirdi.

“Talyban” toparynyň sözçüsi Zabihullah Mujahid hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy.

“Talyban” 28-nji dekabrda günortadaky Helmand welaýatynda owgan harby bazasyna garşy gurnan hüjüminde on owgan esgerini öldürdi.

“Talyban” jeňçileri owgan we ABŞ güýçlerine, şeýle-de hökümet resmilerine garşy guraýan gündelik diýen ýaly hüjümlerini dowam etdirýärler.

Şol bir wagtda-da bu topar Owganystandaky harby konflikti soňlamak wezipesi tabşyrylan amerikan wekili bilen parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG