Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek bloggeri ruhy hassalar keselhanasyndan goýberildi


Şabnam (Nafosat) Ollaşkurowa
Şabnam (Nafosat) Ollaşkurowa

Özbegistanda mundan üç aý ozal mejbury ýagdaýda ruhy hassalar üçin keselhana ýerleşdirilen blogger azatlyga goýberildi.

Mundan öň, Şabnam Ollaşkurowa lakamy bilen makalalary çap eden Nafosat Olloşukurowa ýutdaky bar diýilýän parahorlyk ýagdaýlary barada maglumatlary ýaýradypdy.

Sentýabr aýynda ol huligançylykda we rugsat berilmedik ýygnanyşyklara gatnaşmakda aýyplanyp, administratiw tussaglyga höküm edilipdi. Aýdylmagyna görä, ol bir žurnalistiň özüne garşy bildirilýän aýyplamalaryň aýrylmagyny talap edip geçiren ýörişi barada maglumatlary ýaýradypdyr.

Olloşukurowanyň administratiw tussaglyk möhleti başlanandan birnäçe gün soň, Horezmiň regional sudy ony ýerli psihiatrik hassahana geçirmek barada höküm çykardy.

28-nji dekabrda Olloşukurowanyň kakasy Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen habarlaşyp, gyzynyň azatlyga goýberlendigini we Horezmden Daşkende gelendigini aýtdy.

Oktýabrda Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet Ollaşukurowanyň azat edilmegine çagyryş edipdi.

XS
SM
MD
LG