Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde Russiýa bilen has kän garylyp-gatylmak planlaryna garşy ýöriş geçdi


Protestçiler Minskiň Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk Meýdançasyna çenli ýöriş geçirdiler. 29-njy dekabr, 2019 ý.
Protestçiler Minskiň Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk Meýdançasyna çenli ýöriş geçirdiler. 29-njy dekabr, 2019 ý.

Belarusyň paýtagty Minskde 100 töweregi demonstrant Russiýa bilen mundan aňryk hem garylyp-gatylmak planlaryna protest bildirmek üçin, üstümizdäki aýyň dowamynda bäşinji gezek ýörişe çykdy.

Protestçiler Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk Meýdançasyna çenli ýöriş geçirdiler, şeýle-de merkezi poçtanyň golaýynda adam zynjyryny döretdiler.

Sebite polisiýa ugradylsa-da, olar demonstrantlara garşy herekete geçmedi. Dekabrdaky ozalky protestlerde ençeme protestçi tussag edilipdi.

Rugsat berilmedik protestler rus prezidenti Wladimir Putin bilen belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň 1999-njy ýyldaky birleşdirilen döwlet döretmek baradaky şertnamanyň 20 ýyllygyna gabat geçiren täze gepleşikleri sebäpli döräpdi.

XS
SM
MD
LG