Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ‘diskoteka’ gurady, dijeýlik etdi. Waspçylar prezidenti öwdi, synçylar ‘utandy’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saz çalýar. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saz çalýar. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.

27-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabadyň “Mizan” täjirçilik merkezinde guralan döredijilik dabarasyna gatnaşdy.

Çäre döwlet metbugatynda “erkin döredijilik dabarasy” atlandyryldy. Dabara hökümet resmileri, sungat işgärleri diýilýänler we beýleki myhmanlar gatnaşdy. 1 sagatlyk çäräniň dowamynda döwlet baştutany saz çaldy, dijeýlik etdi, erk edýän saz gurallarynyň aýratynlyklary barada ýygnananlara leksiýa berdi. Hökümet resmileri joşdy, tans etdi. Sungat işgärleri diýilýänler çykyşyň dowamynda ör turup, el çarpdylar, yzly-yzyna “Arkadaga şöhrat” diýip gygyrdylar. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ençeme türkmenistanly, ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň fonunda döwlet telewideniýesinde görkezilen çäräni “utanç bilen gahar edip görmändiklerini” aýtdylar.

Çäräniň açylyş bölegini döwlet telewideniýesiniň “Siziň üçin, körpeler!” gepleşiginiň alyp baryjysy Aşyr däde diýilýän Aşyrmyrat Gurbanow alyp bardy. Dabaranyň başynda ol baş egip, prezidenti Täze ýyl bilen gutlady. Soňra sahna Berdimuhamedow çykdy. Şüweleň başlady.

Prezidentiň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryna ýygnananlar tans etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa, söwda pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjow we beýleki hökümet resmileri “Tikgi”, “Şemka”, “Potdyş” diýilýän hökümet wäşileri bilen deň durup, ellerini asmana galgadyp, bökjekläp tans etdiler.

“Adamlar öz günlerini zordan görüp ýörkäler ýokardaky ministrler, başlyklar tans oýnaşyp, mes günde ýaşaýarlar” diýip, bir ýerli synçy dabaradan soň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Ilkinji sazdan soň prezident az salym arakesme berip, öz eýeçiligindäki saz gurallaryň aýratynlyklary barada ýygnananlara leksiýa berdi. Saz döredijiligine degişli trek, sempl, remiks ýaly adalgalary agzap geçdi. Döwlet telewideniýesinde prezidentiň leksiýasyny Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa ýaly döwlet emeldarlary hem-de Gözel Şagulyýewa, Jemal Saparowa ýaly köşk şahyrlary we bagşylary üns bilen diňleýän ýaly görkezildi.

Dabaranyň dowamynda Berdimuhamedow aýdymçylar bilen bilelikde özüniň döredendigi aýdylýan aýdym-sazlary ýerine ýetirdi. Ol Jemal Saparowa bilen “Leýlisaç barada rowaýat”, Gülşat Gurdowa bilen “Saňa meniň ak güllerim”, Annaguly Myratdurdyýew bilen “Ýadymda”, Nurýagdy Rejepow bilen “Bagt nury”, Ahmet Atajanow bilen “Jan Türkmenistan” hem-de Azat Dönmezow bilen “Rowaç” atly aýdymlaryny aýtdy. Synçylara görä, diskoteka howasynda geçirilen dabaranyň dowamynda sungat işgärleri diýilýänler sahnada üýşüp tans etdiler, yzly-yzyna gezekli-gezegine prezidente baş egdiler.

“Bular halkyň gedaý-aç gezip ýörendigini bilip hem ‘içiňiz ýansyn’ diýýän ýaly konsert geçirýärler” diýip, aşgabatly synçy dabaradan soň Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Prezident hem indi dijeý bolaýmasa, Türkmenistany düzedip, indi bagşylar bilen keýp çekäýmese, başga işi galmandyr. Ol adamlary gurjak hökmünde ulanýar. Ol ýöne bir adamlaryň üstünden gülýär” diýip, dabara boýunça Azatlyk Radiosy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan aşgabatly aýtdy.

Dabaranyň soňy sungat işgärleriniň mikrofonyň başyna geçip, prezident barada aýdan öwgüli sözleri bilen utgaşdy. Olar, synçylara görä, hamala, prezidenti öwmekde ýaryşdylar. Köşk şahyry Şagulyýewa Berdimuhammedowy “ýaýlalaryň ýüzüne, daglaryň düzüne” meňzetdi. Ol “ýylanyp gelýän 2020-nji ýylyň” Berdimuhammedowyňkydygyny öňe sürdi. Jemal Saparowa Berdimuhamedowy gözleriň görejine we şuňa meňzeş beýleki zatlara deňedi. Dabarada sahna çykaryp ellerine mikrofon berlen beýleki adamlar hem gaýta-gaýta prezidente öwgüli sözleri aýtdylar.

Döwlet ýolbaşçysy, hökümet resmileri we sungat işgärleri aýdym aýdyp saz çalýan wagty, Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde açyk meýdanda guralan Baş arçanyň töweregine Täze ýyl gijesi üýşürilen býujet işgärleri öýlerine gije ýarymdan agandan soň goýberildi. Bu barada Azatlygyň habarçysy habar berdi.

“Adamlar halys ýadadylar, ýöne bu bolýan zatlara hiç hili çäre tapdyrmaýar. Adamlar özleriniň ýokardaky oturan adamlaryň oýnawajyna öwrülendigini aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy Baş arçanyň töweregindäki mejbury çärä gatnaşdyrylan ençeme aşgabatlynyň sözlerini getirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG