Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Inguşystandaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony

“Yslam döwleti” ekstremistiki topary Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionynyň Inguşystan respublikasynda amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

31-nji dekabrda Inguşystanyň paýtagty Manasda iki ýaş erkek ulaglaryny polisiýanyň işgäriniň üstüne sürdi, soňy bilen-de beýleki ofiserlere pyçak bilen hüjüm etdi.

Ýerli resmiler hadysada bir polisiýa ofiseriniň ölendigini, başga-da üçüsiniň ýaralanandygyny habar berdiler.

Hüjümçileriň biri 18 ýaşly Mikail Miziýew öldürildi, beýlekisi 23 ýaşly Ahmed Imogžaýew ýaralandy we keselhana ýerleşdirildi.

“Yslam döwleti” ekstremistiki topar beýanat ýaýradyp, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Inguşystanyň lideri Mahmud-Ali Kalimatow polisiýany “Täze Ýyl gijesi ýeterlik hüşgärlik çärelerini görmändigi üçin” tankytlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG